25.02.2026
10.04.2026

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi ýüplük üçin kagyz tegeklerini öndürýän fabrigine enjamlar toplumyny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Türkmengalanyň ýüplük üçin kagyz tegeklerini öndürýän fabrigine döwrebap enjamlar toplumyny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, ýazmaça arza bermeli;
  • tehniki tabşyrygy we bäsleşik resminamalaryny almaly;
  • bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin 300 ABŞ dollary + 15% GBüS pul tölegini tölemeli.

Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.

Teklipler şu bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilenden soň, 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellik: Ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan kompaniýalardan teklipler kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 40-70-10

+993 12 40-71-57

Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 96-njy jaýy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022