09.04.2026
29.04.2026

Balkanabat şäher häkimligi kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Balkanabat şäher häkimligi Balkanabat şäheriniň “Arlan-3” ýaşaýyş jaýlar toplumynyň çäginde 30 sany 1 gatly, kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak we gurmak boýunça potratçylary seçip-saýlap almak üçin bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin degişli resminamalary Balkanabat şäher häkimliginiň senagat, gurluşyk we jemagat hojalygynyň işlerini utgaşdyryjy bölüminden alyp bilersiňiz.

Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilen gününden soňra, 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda ýapyk bukjalarda kabul edilýär

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 (222) 6-00-76

Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri
Bulary hem okaň
2022