15.04.2026
26.05.2026

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Daşoguz welaýatynda Pensiýa gaznasy bölüminiň edara binasyny gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň buýurmagynda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň pensiýa gaznasy bölüminiň täze edara binasyny daşky inžener ulgamlary bilen bilelikde doly taýýar edip gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar we teklipler şu ýylyň 26-njy maýyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-46-77

+993 12 44-46-64

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022