16.04.2026
18.05.2026

Balkan welaýat häkimligi ýyladyş gazanhanalary düýpli abatlamak boýunça bäsleşik yglan edýär

Balkan welaýat häkimligi Balkan welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Türkmenbaşy şäher Ýylylyk müdirligine degişli gazanhanalaryň ýylylyk geçirijilerini we 73-nji gazanhanany düýpli abatlamak işlerini ýerine ýetirmek üçin ýerli gurluşyk kärhanalaryndan potratçyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin eýeçiligine garamazdan, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • Gatnaşyjy tarapyndan doly adyny görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza.
  • Edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat.
  • Hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşigiň teklipleri 2026-njy ýylyň 18-nji maýyna çenli her gün sagat 9:00-dan 18:00-çenli kabul edilýär.

Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy.
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022