04.05.2026
18.06.2026

Balkan welaýat häkimligi suw arassalaýjy desgalaryň tehniki auditini geçirmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Balkan welaýat häkimligi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän, günde 35 müň kub metr kuwwatly suw arassalaýjy desganyň hem-de Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän, günde 50 müň kub metr kuwwatly suw arassalaýjy desganyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň toplumlaýyn tehniki auditini geçirmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin eýeçiligine garamazdan, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli we daşary ýurt kärhanalary hem-de kompaniýalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk ýagdaýyny we Türkmenistanda resmi hasaba alnanlygy baradaky maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen taslamalar barada maglumat bermeli;
  • kärhananyň/guramanyň maddy-enjamlaýyn binýady we hünärmenleri barada maglumat bermeli.
  • ýerli kärhanalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda Balkan welaýat häkimliginiň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(800222) 2-00-25

(800222) 2-00-55

Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy.
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022