Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
TDHÇMB
05.08.2026
15.09.2026
"Türkmenhimiýa" DK ammiak selitrasyny we karbamid öndürýän toplumy gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan Daşoguz welaýatynda ammiak selitrasyny we karbamid öndürýän toplumynyň taslamasyny düzmek we ony dolulygyna gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- bäsleşige gatnaşmak üçin GBS-i hasaba almak bilen 1725 (bir müň ýedi ýüz ýigrimi bäş) amerikan dollary möçberde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta kursy boýunça manat görnüşinde (Türkmenistandaky gatnaşyjylar üçin) töleg töläp, tender resminamalaryny almaly.
Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 12 39-01-59
+993 12 39-01-62
Faks:
+993 12 39-01-65
Elektron salgysy:
contact@turkmenhimiya.gov.tm
Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň










