Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi birnäçe köçeleriň durkuny täzelemek boýunça bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça şäher köçelerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş işlerini ýerine ýetirmek üçin bäsleşik yglan edýär
Lot №1 — B. Annanow köçesiniň Arçabil şaýolundan N.Andalyp köçesine çenli aralygynda, şeýle hem N. Andalyp köçesiniň Köpetdag şaýolundan S. Türkmenbaşy şaýoluna çenli aralygynda abatlaýyş we abadanlaşdyryş işlerini ýerine ýetirmek.
Lot №2 — Aşgabat şäheriniň Kämillik köçesiniň durkuny täzelemek.
Lot №3 — Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunda suw çüwdürimleri bilen birlikde abatlaýyş we abadanlaşdyryş işlerini ýerine ýetirmek.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar we teklipler şu ýylyň 16-njy noýabryna çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 12 44-46-77
+993 12 44-46-64









