Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda sişenbe güni Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady.
Bu sergä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşylar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, “Türkmen haly” döwlet birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Türkmenistanyň söwda senagat edarasynyň, şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, Türkmenistanyň işewürleri öz diwarlyklary bilen gatnaşýarlar.
“Sizi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giň gerimde geçirilýän bu serginiň içerki we daşarky söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmekde, dokma senagatynda döwrebap önümçilik düzümlerini kemala getirmekde, milli el halyçylyk sungatyny kämilleşdirmekde we telekeçilik ulgamyny ösdürmekde ynamly ädimleri ätmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň serginiň öz işine başlamagy mynasybetli iberen gutlag hatynda aýdylýar.
Döwlet Baştutanymyz bu şergä gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda “Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşanly harytlar dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanyp, Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň barha artýandygynyň subutnamasyna öwrülendigini belledi.
Sergide Türkmenistanyň Söwda toplumynyň gazananlary, ýerli kärhanalaryň önümleriniň iň soňky nusgalary, azyk önümleri, senagat önümleri, dokma önümleri, sarp ediş harytlary, haly önümleri, şeýle-de dürli hyzmatlar tanyşdyrýar.