Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda 293,2 million dollara ýetdi. Bu görkeziji diňe harytlaryň söwdasyny görkezip, hyzmatlar hasaba alynmaýar. Bu barada ABŞ-nyň Ilat ýazuwy býurosynyň (U.S. Census Bureau) aýlyk daşary söwda statistikasynda habar berilýär.
Hasabat döwründe ABŞ-dan Türkmenistana eksport edilen harytlaryň möçberi 253,4 million dollara, Türkmenistanyň önümleriniň ABŞ-nyň bazaryna eksporty bolsa 39,8 million dollara deň boldy.
2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ABŞ-dan Türkmenistana eksport 85,6 million dollara, Türkmenistandan ABŞ-a import bolsa 38 million dollara deň boldy.
ABŞ-nyň Söwda wekiliniň edarasynyň (USTR) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iki ýurduň arasyndaky umumy haryt dolanyşygy 152,5 million dollara barabar boldy.

















