“Lebiz Plastik” owadan we köpugurly öý hojalyk harytlaryny öndürýär

“Lebiz Plastik” owadan we köpugurly öý hojalyk harytlaryny öndürýär
Şu ýylyň maý aýynda “Lebiz Plastik” kompaniýasy Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen öý hojalyk önümleriniň we durmuş elektronikasynyň 20-nji halkara sergisine gatnaşdy.

“Lebiz Plastik” hojalyk jemgyýeti 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, ol öý hojalyk harytlary üçin niýetlenen ýokary hilli plastmassa önümlerini öndürmekde öňdebaryjylaryň biri bolup, ol plastmassadan gül küýzeleri, konteýnerleri we gaplary öndürýär. Şeýle hem kompaniýada dürli harytlary gaplamaga niýetlenen berkligi we köpugurlylygy bilen tapawutlanýan polipropilenden dokalan haltalaryň önümçiligi alnyp barylýar.

“Lebiz Plastik” kompaniýasynda önümler taýýarlanylanda daşky görnüşiniň, biçüwiniň, berkliginiň we birnäçe ýagdaýlarda ulanmak mümkinçiliginiň göz öňünde tutulmagy, olaryň köp ýylyň dowamynda ulanylmagyny üpjün edýär. Kompaniýada öndürilýän konteýnerler öý hojalygynda, iş ýerlerinde we beýleki ýerlerde dürli zerurlyklary kanagatlandyrýar we köpugurly saklaýyş çözgütlerini hödürleýär. Gül küýzeleri dürli howa şertlerine çydamly bolup, islendik öýe ýa-da howla özüne çekiji daşky görnüş goşýar.

“Lebiz Plastik” kompaniýasy täze gurluşlary, materiallary we tehnologiýalary gözlemek we ösdürmek üçin maýa goýup, önüm öndürmekde diňe ýokary hilli materiallary hem-de innowasion tehnologiýalary ulanýar. Munuň netijesinde kompaniýa bazar tendensiýalary bilen sazlaşykly iş alyp barýar, şol bir wagtyň özünde köpugurly we estetiki önümleri hödürleýär.

Bu kompaniýa galyndylary we olaryň daşky gurşawa täsirini azaltmaga çalyşyp, durnukly ösüşe uly üns berýär. “Lebiz Plastik” kompaniýasy “has ýaşyl” geljegi döretmek üçin dünýädäki tagallalara goşant goşup, önümçiliginiň dowamynda durnukly alternatiwalary içgin öwrenmäge çalyşýar.

Şu ýylyň maý aýynda “Lebiz Plastik” kompaniýasy soňky täze önümleri bilen Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen öý hojalyk önümleriniň we durmuş elektronikasynyň 20-nji halkara sergisine gatnaşdy.

Mundan başga-da, kompaniýa berkligi we köpugurlylygy bilen tapawutlanýan polipropilenden dokalan haltalary öndürmekde ýöriteleşendir. Bu haltalar berkligi, oba hojalygynyň önümlerini, gurluşyk materiallaryny we senagat önümlerini gaplamak ýaly köpugurly ulanyş mümkinçiligi bilen tanalýar.

“Lebiz Plastik” kompaniýasy köpugurly, owadan we ekologiýa taýdan arassa plastmassa önümlerini öndürmekde öňdebaryjylyga ygrarlylygy sebäpli ösmegini dowam etdirýär. Kompaniýa bu pudakda innowasiýa ugurly durnukly ösüşe ymtylýar.

Habarlaşmak üçin:

Web sahypa: info@lebizplastic.com

Telefon belgi: +99363727027

Instagram: lebiz_plastic

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022