“Döwletli Döwran” hojalyk jemgyýetiniň kerpiçleri Özbegistanyň çägindäki gurluşyklarda peýdalanylýar

BT
“Döwletli Döwran” hojalyk jemgyýetiniň kerpiçleri Özbegistanyň çägindäki gurluşyklarda peýdalanylýar
Özbegistanyň Daşkent şäherinde “Döwletli Döwran” hojalyk jemgyýetiniň kerpiçleriniň ulanylmagynda gurluşygy alnyp barylýan toplum (Surat: “Döwletli Döwran”)

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýän “Döwletli Döwran” hojalyk jemgyýetiniň öndürýän keramiki kerpiçleri Özbegistanyň Daşkent şäherinde amala aşyrylýan gurluşyk taslamalarynda giňden ulanylýar. Bu barada kärhananyň sosial ulgamynda ýerleşdirilen Türkmenistanyň bank ulgamy we “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde taýýarlan gepleşiginde kärhananyň keramika bezeg önümleri zawodynyň direktory Lebap Annageldiýewiň interwýusynda habar berilýär.

Lebap Annageldiýewiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde gurulýan toplumyň birnäçe desgalarynyň gurluşygynda kärhananyň gyzyl keramiki kerpiçleri giňden peýdalanylýar. Olaryň hatarynda gurlup ulanylmaga berlen 1500 orunlyk mekdep, 320 orunlyk ýakyn wagtda ulanylmaga berilmegine garaşylýan çagalar bagy, lukmançylyk mekdepleri we lukmançylyk ylmy klinikasy bar. Mundan başga-da toplumyň çäginde dowam edýän beýleki gurluşyk işlerinde hem “Döwletli Döwran” hojalyk jemgyýetiniň kerpiçlerini ulanmak göz öňünde tutulýar.

“Döwletli Döwran” hojalyk jemgyýeti Daşkentdäki gurluşyk taslamalary üçin Özbegistana ilkinji tapgyrda 2 million kerpiç iberip, geljekde bu möçberi ýene 5–6 million kerpiç ibermek bilen artdyrmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagt-da kärhananyň Buhara şäherinde bir gektardan gowrak meýdany eýeleýän ammary hem bar.

Mundan başga-da, “Döwletli Döwran” hojalyk jemgyýetiniň öndürýän gyzyl kerpiçlerini Samarkant şäherindäki gurluşyk taslamalarynda hem-de Özbegistanyň Azerbaýjanda gurmagy meýilleşdirýän bilim edarasynyň gurluşygynda ulanmak göz öňünde tutulýar.

2022
ENG TM РУС