“Titanic: Honor and Glory” wideo oýnunda türkmen halysy şekillendirilýär

“Titanic: Honor and Glory” wideo oýnunda türkmen halysy şekillendirilýär
"Titanic" gämisiniň prototipi bolan "R.M.S. Olympic" gämisiniň myhman kabul edilýän ýokary derejeli otagy (Surat: fandom.com)

“Titanic: Honor and Glory” atly wideo oýnunda “Titanic” ýolagçy gämisiniň myhmanhana otaglarynda owadan türkmen halysy şekillendirilýär. Gyzyl reňkli halylarda milli Teke gölleri ýerleşdirilendir.

“Vintage Digital Revival” tarapyndan işlenip düzülen bu oýun “RMS Titanic” gämisiniň takyk wirtual şekillendirilişi bolup, ol 1912-nji ýyldaky betbagtçylykda wepat bolanlaryň hatyrasyna gyzykly we öwrediji görnüşde döredildi. Topar oýunçylara gämidäki ähli otaglary, kabinalardan we gizlin geçelgelerden başlap, iň kiçi şkaflary we ammarlary öwrenmäge mümkinçilik berýän “Titanic” gämisiniň modelini gurýar. Bu wideo oýnuny “Titanic” gämisinde durmuşyň nähili bolandygyny çuňňur öwrenmäge ýardam berer.

Bu oýunyň taryhy geňeşçileriniň biri bolan Bill Sauder 1996-njy ýylda döredilen “Titanic: Adventure Out of Time” atly oýunyň we 1997-nji ýylda döredilen “Titanic” filmynyň geňeşçisi, şol sanda “National Geographic” teleýaýlym ulgamynyň 2012-nji ýyldaky “Titanic: The Final Word with James Cameron” atly ýörite bölüminde bilermen hökmünde çykyş etdi.

Oýunyň iň soňky demo nusgasy 2023-nji ýylyň mart aýynda çykdy we ol oýunçylara gäminiň ýarysyny öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu çözgüt 2019-njy ýylyň 9-14-nji dekabr aralygynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada geçirilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde kabul edildi.

Suratlar: patreon.com

2022