“Ynamly ýörelge” sintetiki multifilament ýüplükleriniň önümçiligini alyp barýar

 “Ynamly ýörelge” sintetiki multifilament ýüplükleriniň önümçiligini alyp barýar
“Ynamly ýörelge” hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan önümçilikden bir pursat

Türkmenistanyň döwrebap kompaniýalarynyň biri bolan “Ynamly ýörelge” hojalyk jemgyýeti dürli maksatlar üçin niýetlenen sintetiki multifilament ýüplükleriniň önümçiligini alyp barýar.

“Ynamly ýörelge” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda ýerleşip, onda işine ökde hünärmenler zähmet çekýär.

Kompaniýanyň polipropilen çig malyndan öndürýän “Kement” haryt nyşanly ýüplükleri dokma we senagat pudagynyň dürli ugurlarynda giňden ulanylýar. Bu ýerde öndürilýän CF multifilament polipropilen ýüplükleri berk, köpugurly, ekologiýa taýdan arassa, ýeňil we endama ýakymly bolan birnäçe aýratynlyklara eýedir.

“Ynamly Ýörelge” kompaniýasynda öndürilýän ýüplükleriň dürli görnüşli reňkleri bolup, olar antistatik we ultramelewşe şöhlelerine çydamly edip öndürilýär. Kompaniýa ISO 9001, 10002, 140001, 45001 sertifikatlaryna eýedir we önümler Ýewropa standartlaryna doly laýyk gelýär.

Bu ýerde dünýäde meşhur bolan kompaniýalaryň iň täze tehnologiýalary we enjamlary ulanylýar.

Kärhananyň hünärmenleri gelejekde “Kement” haryt nyşany bilen öndürilýän ýüplükleriň sanawyna täze görnüşli tehniki ýüplükleri goşmagyň üstünde işleýärler.

“Ynamly ýörelge” hojalyk jemgyýeti bilen habarlaşmak üçin:

Salgysy: Aşgabat şäheri, Berkararlyk etrap, G.Kulyýew köçesiniň 14-nji jaýy, 2127

Telefon belgiler: +993 12 75-46-03

+993 63 14-31-13

+993 62 28-64-01

Web sahypasy: www.kementfiber.com

Instagram: @kementfiber

Elektron salgysy: sales@kementfiber.com

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022