Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň 32 ýyllygyna bagyşlanan sergi, 20-nji sentýabr, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynyda çarşenbe güni Garaşsyzlygyň 32 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň habar bermegine görä, ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna bagyşlanan bu sergi 21-nji sentýabra çenli dowam eder.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen sergä gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.

“Bu giň möçberli serginiň berkarar Watanymyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edip, geljekki ösüşlerimiziň badalgasyna öwrüljek başlangyçlary, täze taslamalary ilerletmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň 32 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde önümçilige innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen milli önümleri öndürmek, energetika, senagat, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, nebit-gaz, himiýa, häzirki zaman gurluşyk-binagärligi, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, ylym-bilim, söwda we hyzmat ulgamy, medeniýet, suw serişdelerini we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak boýunça amala aşyrylýan işler we gazanylýan üstünlikler barada diwarlyklar giňden görkezilýär.

Mundan başga-da, sergi zalynda iň täze tehnologiki üstünliklere esaslanýan innowasion çözgütler bilen tanyşdyrmak üçin ýörite meýdança gurnaldy.

2022