Türkmen hususyýetçileri Er-Riýadda we Moskwada azyk önümlerini sergilediler

Türkmen hususyýetçileri Er-Riýadda we Moskwada azyk önümlerini sergilediler
“Altyn Ýunus” hususy kärhanasy “Foodeх Saudi” halkara sergisinde, Er-Riýad, Saud Arabystany Patyşalygy

Türkmen hususy azyk öndürijileri sentýabr aýynda birnäçe döwletlerdäki sergilerde öz önümlerini daşary ýurtly alyjylara hödürlediler. 

Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde 17-20-nji sentýabr aralygynda geçirilen “Foodeх Saudi” 10-njy halkara azyk önümleriniň we alkagolsyz içgileriň söwda sergisinde Türkmenistandan “Altyn Ýunus” hususy kärhanasy, “Parahat” hususy kärhanasy we “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti öz önümlerini Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň alyjylaryna hödürlediler. Bu kärhanalaryň esasy önümleri miwe şireleri, alkogolsyz içgiler we konditer önümleri bolup durýar.

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde 19-22-nji sentýabr aralygynda geçirilen “WorldFood Moscow 2023” azyk sergisinde bolsa “Täze aý” we “Ak gar” haryt nyşanly konditer önümleri türkmen telekeçileri tarapyndan sebitiň alyjylaryna hödürlendi. Şu ýyl 32-nji gezek geçirilýän bu sergide 40-a golaý ýurtdan 1000-e golaý kompaniýa öz önümlerini görkezdiler.

"Serginiň dowamynda daşary ýurtly alyjylar bilen birnäçe netijeli gepleşikleri geçirdik, ýakyn wagtda bolsa bu gepleşikleriň netijesinde öz öndürýän önümlerimizi bu sebitiň ýurtlaryna ekporta ugradarys" diýip "Ak gar" kärhanasynyň hünärmeni Begnazar Rahmanow "Biznes Türkmenistan" internet neşirine habar berdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde 18-20-nji sentýabrda geçirilen “Yug Ekspo-2023” halkara köpugurly sergi-ýarmarkasyna bolsa telekeçi Serdar Gulhanow “Kindi” haryt nyşanly azyk önümleri bilen gatnaşdy. Şeýle-de sentýabr aýynyň başynda Türkiýede geçiriline “WorldFood Istanbul 2023” sergisine gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistandan “Mahmal Zip” hojalyk jemgyýetini görmek bolýar.

Şu ýylyň iýul aýynda hem Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen “F-Istanbul” – halkara azyk sergisine Türkmenistanyň hususy azyk öndürijileriniň onlarçasy gatnaşypdy.

2022