Türkmenistanyň hususy azyk öndürijileri Stambuldaky halkara sergide üns merkezinde

Türkmenistanyň hususy azyk öndürijileri Stambuldaky halkara sergide üns merkezinde
“F-Istanbul” halkara azyk sergisi, 2023-nji ýylyň 12-nji iýuly, Stambul, Türkiýe

Türkiýäniň Stambul şäherinde 12-nji iýulda öz işine başlan “F-Istanbul” – halkara azyk sergisine şu ýyl Türkmenistanyň hususy önüm öndürijileriniň jemi 16 sanysy gatnaşýar. Sergi esasan iýmit önümçiligi, alkagolsyz içgiler, gaýtadan işlemek we gaplamak ugurlaryny öz içine alýar.

Sergini gurnaýjy kompaniýanyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, şu ýyl türkmen kompaniýalary sergä has işjeň gatnaşýarlar. Şeýle-de kompaniýanyň wekilleri sergide diňe bir gatnaşyjy kompaniýalaryň däl-de, eýsem görmäge gelen türkmen işewürleriniň hem bardygyny aýdýarlar.

Sergide konditer önümlerini öndüriji kompaniýalardan “Altyn Ýunus”, “Kilwan”, “Täze Aý”, “Balşeker”, “Ak gar”, “Balam”, “Misgär”, “Altyn şöhle”, “Mekan”, “Kindi” ýaly kompaniýalar öz önümlerini tanyşdyrýarlar. Mundan başgada “Parahat”, “Arçalyk”, “Parasatly”, “Mähriban-Merw”, “Sada”, “Çäksiz lezzet” ýaly kompaniýalar önümlerini daşary ýurtly alyjylara hödürleýärler.

“Türkmenistanda öndürilen” azyk önümleriň hem işjeň tanyşdyrylýan bu sergisine şu ýyl dünýäniň 20 ýurdundan 500-den gowrak kompaniýa gatnaşýar. Stambul Sergi Merkezinde 12-14-nji iýul aralygynda geçirilýän sergä dünýäniň 96-ýurdundan 15000-den gowrak işewüriň gelmegine garaşylýar.

Dünýä bazaryna çykmaga mümkinçilik berýän, täze hyzmatdaşlykalary we işewür gatnaşyklary giňletmäge mümkinçilik döredýän “F-Istanbul” halkara sergisinde 2022-nji ýylda hem birnäçe türkmen kompaniýalary gatnaşdylar we öz önümleri bilen tanyşdyrdylar.

2022