Dohadaky “EKSPO-2023” halkara sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony görkezilýär

Dohadaky “EKSPO-2023” halkara sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony görkezilýär
Doha şäherinde geçirilýän “EKSPO-2023” halkara sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony

Kataryň paýtagty Doha şäherinde 2-nji oktýabrda öz işine başlan “EKSPO-2023” halkara sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony görkezilýär. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy geçen hepdäniň sişenbe güni habar berdi.

­“Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat” şygary bilen geçirilýän serginiň açylyş dabarasyna Kataryň Emiri Tamim ibn Hamad Al Tani, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Muhammed ibn Zaid Al Nahaýýan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Jibutiniň Prezidenti Ismail Omar Gelle, Tanzaniýanyň Prezidenti Samiýa Suluhu Hassan, Yragyň hökümet başlygy Muhammed Şia As-Sudani, Ýemeniň hökümet başlygy Main Abdel Malik, Ruandanyň hökümet başlygy Eduar Ngirente we beýleki birnäçe ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdylar.

Kataryň hökümet başlygy Muhammed ibn Abdurrahman ibn Jasim Al Sani serginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda serginiň durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy üçin mümkinçilikdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabr aýynyň başyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna “EKSPO-2023” halkara sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip bermek hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Doha şäherinde geçirilýän “EKSPO-2023” halkara sergisi 2024-nji ýylyň 28-nji martyna çenli dowam eder.

2022