“Söwda öýi” kärhanasy “EKSPO-2023” sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Söwda öýi” kärhanasy “EKSPO-2023” sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar
“EKSPO-2023” halkara sergisi 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde geçiriler. (Surat: dohaexpo2023.gov.qa)

“Söwda öýi” kärhanasy Kataryň Doha şäherinde geçiriljek “EKSPO-2023” halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna “EKSPO-2023” halkara sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip bermek hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu resminama Türkmenistanyň köpugurly halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, daşky gurşawy goramak babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli işleri dünýä ýaýmak hem-de “Daşky gurşawyň hatyrasyna “ýaşyl” tebigat” diýen şygar astynda Kataryň Doha şäherinde geçiriljek “EKSPO-2023” halkara sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

“EKSPO-2023” halkara sergisi 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022