Türkiýe ýertitremeden soň dikeldiş işleri bilen tanyşdyryş çärelerini gurady

Türkiýe ýertitremeden soň dikeldiş işleri bilen tanyşdyryş çärelerini gurady
Türkiýäniň Kahramanmaraş welaýatynda ýertitremeden soň gurlan ýaşaýyş jaýlary, 2024-nji ýylyň 9-11-nji fewraly.

Türkiýede bolup geçen güýçli ýertitremeden soňky dikeldişi we ösüşi görkezmek maksady bilen 2024-nji ýylyň 9-11-nji fewraly aralygynda ýurduň Kahramanmaraş, Adyýaman we Malatýa welaýatlarynda çäreler geçirildi.

Bu çärelere ýurduň üç welaýatynyň administrasiýasynyň, Türkiýäniň betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça dolandyryş edarasynyň (AFAD) wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Demirgazyk Kipr türk Respublikasynyň metbugat gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäreler Türkiýäniň Prezidentiniň administrasiýasynyň aragatnaşyk bölümi tarapyndan gurnaldy.

Türkiýäniň Kahramanmaraş welaýatynyň gubernatory Mükerrem Ünlüer çärede çykyş edip, ýertitremeden soň welaýatda dikeldiş işleri boýunça görülýän çäreler barada giňişleýin gürrüň berdi. Kahramanmaraş welaýatynyň gubernatory ýumrulan we zeper ýeten binalary, şeýle hem gurluşugy dowam edýän ýaşaýyş jaýlary barada belläp, Türkiýede bolup geçen güýçli ýertitremeden soň 54 müň 789 sany binany gurmaklygyň meýilleşdirilendigini we olaryň 90 göteriminiň 2023-nji ýylda doly gurulyp ulanmaga berilendigini hem-de täze ýaşaýyş jaýlaryna 68 müň 990 raýatyň göçüp barandygyny mälim etdi.

Adyýaman welaýatynyň gubernatory Osman Warol öz çykyşynda häzirki wagtda welaýatda 33 müň 112 binanyň guruluşygynyň alnyp barylýandygyny we ýertitreme zerarly emele gelen zeperleri dikeltmek boýunça döwlet edaralary tarapyndan ähli tagallalaryň dolylygyna utgaşdyrylýandygyny aýtdy. Şeýle hem welaýatda mekdepleriň we söwda kärhanalarynyň öz işlerini dowam etdirýändiklerini hem-de ýaşaýjylaryň täze öýlere göçüp barmaklaryny dowam edýändigini belledi.

Malatýa welaýatynyň gubernatory Ersin Ýazyjy Malatýa jemgyýetçilik kitaphanasynda eden çykyşynda, Türkiýäniň Daşky gurşaw, şäherleşme we howanyň üýtgemegi ministrliginiň ýene 313 gektar meýdanda 23 müň sany ýaşaýyş jaýynyň we 11 müň sany söwda binasynyň gurluşygyna başlajakdygyny mälim etdi. Bu bolsa jemgyýetçilik durmuşyna we işewürlige tiz girişmäge uly mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Munuň bilen bagly geçen ýylyň sentýabr aýynda şäher merkezinde käbir gurluşyk işleriniň başlanylandygy aýdyldy.

Türkiýäniň betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça dolandyryş edarasynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkiýede bolup geçen iki sany güýçli ýertitreme netijesinde ýurtda 53 müň 537 adam wepat boldy we 107 müň 213 adam ýaralandy.

2022