Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Belgiýanyň paýtagty Bruýusselde Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, Raşid Meredow Ýewropa Komissiýasynyň ykdysady işler boýunça ýerine ýetiriji wise-prezidenti, söwda meseleleri boýunça komissary Waldis Dombrowskis, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas, ÝB-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen hem-de Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň başlygy Tomas Zdehowskiý bilen duşuşdy.
Duşyşyklaryň barşynda ykdysadyýet, söwda we ynsanperwer gatnaşyklar ýaly ugurlarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Mundan başga-da, taraplar ÝB-niň goldawy bilen häzirki wagtda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalary maslahatlaşdylar.
Şol gün Belgiýanyň Brýussel şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ÝB-niň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary wekili Jozep Borrel bilen hem duşuşdy.
Şu ýylyň 17-19-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýada iş saparynda boldy.