Türkmenistan Belgiýada geçiriljek abraýly sergide gadymy sungatyny tanyşdyrmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan Belgiýada geçiriljek abraýly sergide gadymy sungatyny tanyşdyrmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow “Antika Namur Art Fair” sergisinde, 2024-nji ýylyň 9-njy noýabry, Namýur, Belgiýa

Türkmenistan Benilýuksyň sungat önümleri bazarynda möhüm çäreleriň biri bolan “Antika Namur Art Fair” ady bilen her ýyl geçirilýän sergide gadymy sungat eserlerine ýöriteleşen pawilýonyny döretmek mümkinçiligini öwrenýär. 

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň şenbe güni habar bermegine görä, ilçi Sapar Palwanowyň häzirki wagtda Belgiýanyň Namýur sebitinde geçirilýän sergä baryp görmeginiň çäklerinde bu meselä garaldy. 

Namýur sebitiniň häkimi Denis Meteniň çakylygy boýunça, ilçi Palwanow hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşmak üçin medeni jemgyýetiň esasy wekilleri we sergini guraýjylar bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. 

Gadymy sungat eserleri arkaly türkmen döwletiniň baý medeni mirasy görkeziljek aýratyn türkmen pawilýonyny döretmek başlangyjyna aýratyn üns berildi.  

Saparyň çäklerinde ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki sergi taslamalary guramak hakynda birnäçe galareýalar bilen başlangyç ylalaşyklar gazanyldy. 

1977-nji ýylda döredilen “Antika Namur Fine Art Fair” sungat ussatlaryny we söýüjilerini özüne çekýän Ýewropadaky iri ýarmarkalaryň biridir. Belgiýadan we Ýewropa ýurtlaryndan bolan 20 müňden gowrak adam dürli ýurtlaryň 120 galareýasyndan ybarat bolan sergini görmek üçin “Namur Expo” çäresine baryp görýärler. Ýarmarka her dürli sergi gymmatlyklary, ýagny XVIII-XIX asyrlaryň bezeg we amaly-haşam, öňki döwrüň ussatlarynyň eserlerini, häzirki zaman surat, heýkeltaraşlyk, mebel önümlerini we gadymy esbaplary hödürleýär.

 

2022