Türkmen däp-dessurlary we döwrebap durmuşy Brýusseldäki “Muse” galareýasynda görkezildi

Türkmen däp-dessurlary we döwrebap durmuşy Brýusseldäki “Muse” galareýasynda görkezildi
Baý türkmen mirasyna bagyşlanan sergi, 2025-nji ýylyň 22-nji ýanwary, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Brýussel şäheriniň Sablon medeni etrapçasynyň abraýly “Muse” galareýasynda çarşenbe güni baý türkmen mirasyna bagyşlanan sergi badalga aldy. “Civilisations Winter Edition” atly medeni çäreler toplumynyň çäklerinde guralan sergi “European Central Asian Creative Alliance” birleşmesiniň we “Keşde” modalar öýüniň hyzmatdaşlyk etmeginde Türkmenistanyň Belgiýadaky diplomatik wekilhanasy tarapyndan guraldy diýip, ilçihana habar berýär.

Sergi milli medeniýetiň gadymylygyny we özboluşlylygyny görkezýän ajaýyp şaý-seplerden başlap, däp bolan halylara çenli türkmen sungatynyň seýrek görnüşlerini ýewropaly muşdaklara tanyşdyrýar.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow dabarada eden çykyşynda halkara gatnaşyklarynda medeniýetiň eýeleýän ähmiýetli ornuna ünsi çekip, 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini belledi. “Medeniýet syýasy we geografik çäklerden geçip, adamlary jebisleşdirmäge ukyply ählumumy dil bolup durýar” diýip, ilçi aýtdy.

Gymmatlyklary toplaýjylaryň, diplomatlaryň, Ýewropanyň sungat edaralarynyň wekilleriniň ünsüni özüne çeken sergi 26-njy ýanwara çenli dowam eder.

“Civilizations Winter Edition” – bu “Civilizations” topary tarapyndan her gyş möwsümde guralýan sergidir. Bu döwürde Brýusseliň iň meşhur medeni zolaklarynyň biri bolan “Sablong” etrapçasyndaky “Muse” galareýasynda gaýtalanmajak we seýrek duş gelýän gymmatlyklar görkezilýär.

Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy

2022