Türkmenistanyň Prezidenti Samarkantda geçirilýän klimat forumynyň açylyşyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Samarkantda geçirilýän klimat forumynyň açylyşyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçirilýän klimat forumynda çykyş edýär, 2025-nji ýylyň 4-nji apreli, Özbegistan (Surat: BT)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Samarkant şäherinde geçirilýän "Merkezi Aziýa ählumumy klimat meseleleri bilen ýüzbe-ýüz: umumy abadançylygyň bähbidine jebisleşmek" atly halkara forumyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, "Silk Road Samarkant" toplumynyň Kongress merkezinde guralan çäre ekologiýa we howanyň üýtgemegi ulgamynda dünýä ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. 

Iki günläp geçirilýän forum ýokary derejeli wekilleri, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentlerini, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryny, dünýä derejeli bilermenleri, döwlet işgärlerini, halkara guramalaryň we maliýe düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow "Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi" görnüşindäki birinji sammite hem gatnaşdy.

2022