Stambulda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

Stambulda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy
Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy, 2025-nji ýylyň 2-nji iýuly, Türkiýe (Surat: "So Fuar")

Türkiýäniň Stambul şäheriniň sergi merkezinde 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berýär.

Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy mynasybetli birnäçe çykyşlar ýerine ýetirildi. Çykyş edenler Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu serginiň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, bu sergi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistan bilen Türkiýäniň özara gatnaşyklaryny has hem ýokary derejä çykarmaga gönükdirilen yzygiderli tagallalarynyň netijesidir.

Şeýle hem çykyşlarda Türkiýede geçirilýän häzirki serginiň Türkmenistanda önüm öndürijileriň giň mümkinçiliklerini görkezmek bilen ýokary tehnologiýalary, innowasion işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigi nygtalyndy.

Köpugurly sergide türkmen önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy, senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk we elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri hem-de beýleki dürli önümler we ýerine ýetirilýän hyzmatlar görkezilýär.

Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi "So Fuar" kompaniýasy tarapyndan gurnalyp, ol 2025-nji ýylyň 5-nji iýulyna çenli dowam eder.

2022