“EKSPO–2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýony iň täsirlileriň hataryna girdi

“EKSPO–2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýony iň täsirlileriň hataryna girdi
Türkmenistanyň pawilýony, EXPO 2025, Osaka, Ýaponiýa (Surat: Belli)

Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýony uly meşhurlykdan peýdalanýar. "Belli" binagärlik-gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlan üç gatly desga diňe bir özboluşly arhitekturasy bilen däl, eýsem ýurduň giňişleýin hem-de çuň oýlanyşykly tanyşdyrylyşy bilen sergä gelenleriň ünsüni özüne çekýär.

Pawilýonyň üç gatly binasy mowzuklaýyn ýörelge boýunça gurlup, her bir gat Türkmenistanyň belli bir aýratynlygyny, tebigatyndan we taryhyndan başlap häzirki döwürde gazanan üstünliklerini hem-de medeni däplerini açyp görkezýär.

Birinji gat — uly sfera görnüşli ekranly multimediýa gurnamasy bilen enjamlaşdyrylan tehnologik giňişlikdir. Bu ýerde myhmanlar Türkmenistana wirtual usulda syýahat etmäge mümkinçilik berýän täze nesil audiowizual effektler arkaly ýurduň tebigaty, taryhy we medeniýeti bilen tanyşyp bilerler.

Ikinji gat — pudaklaýyn ösüşlere bagyşlanyp, energetika, senagat, saglygy goraýyş, bilim, sport we ylym pudaklarynda gazanylan üstünlikler giňden görkezilýär. Şeýle hem bu gatda Türkmen lukmançylygynyň baý däplerini görkezýän dermanlyk ösümlikleriň sergisi aýratyn orun tutýar.

Üçünji gat — medeni merkez hökmünde hereket edýär. Bu ýerde türkmen halylary, keşdeleriň nusgalary, muzeý gymmatlyklary we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezilýär. Bu gatdaky Milli restoran myhmanlara ekologiýa taýdan arassa önümlerden taýýarlanan türkmen tagamlaryny hödürleýär. Şeýle hem, bu giňişlikde dynç almak üçin açyk eýwanda ýerleşdirilen adaty türkmen bassyrmalary bar.

Türkmenistanyň Milli güni 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde, “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisiniň resmi açylyşyndan bir gün soň dabaraly ýagdaýda bellenildi. Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň milli pawilýonyna baryp gördi we ýurduň halkara sergä gatnaşmagynyň ýokary ähmiýetini nygtady.

“EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisi 13-nji apreldan 13-nji oktýabra çenli Osakanyň Ýumesima emeli adasynda “Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary astynda geçirilýär.

2022