Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen bilelikdäki işewürlik forumyny we işewür çärelerini guramak meselesine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Sloweniýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, syýasy gatnaşyklar we ösüş boýunça döwlet sekretary doktor Melita Gabriçiň arasynda sişenbe güni Sloweniýada geçirilen Bled strategiki forumynyň çäklerindäki duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar himiýa, energetika, farmasewtika, sport, oba hojalygy hem-de innowasion tehnologiýalar ýaly ugurlarda we beýleki dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.
Gepleşiklerde daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň indiki tapgyryny 2026-njy ýylda Lýublýanada geçirmek ylalaşyldy. Şeýle-de taraplar ýokary derejedäki gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine aýratyn üns berip, iki ýurduň ýokary ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklary guramaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Türkmen tarapy halkara parahatçylykly dialoga ygrarlydygyny belläp, BMG-de türkmen başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Sloweniýa minnetdarlyk bildirdi.
Mundan başga-da, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň zerurlygyny nygtap, hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalary baglaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Mähri Bäşimowa Sloweniýanyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça geňeşçisi Damýan Bergant bilen hem duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri hem-de Sloweniýanyň ýokary ýolbaşçylarynyň 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli halkara forumyna gatnaşmak meselesine garaldy.





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


