Brýusselde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlygyň baýlyklary: türkmen mirasynyň baýramy” atly medeni çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan çärä Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň wekilleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri, Benilýuks Bileleşiginiň Baş sekretary, diplomatlar, medeniýet we sungat ussatlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Medeni agşamda häzirki zaman türkmen dizaýnerleriniň döredijiligi üns merkezinde boldy. Ýaş modaçy Göwher Pirkulýewanyň döreden “Göwher Gouvernet” atly brendiniň lybaslarynyň görkezilişi dabarasy bolsa myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.
Ýewropa Daşary syýasat gullugynyň medeniýet boýunça geňeşçisi Gaýa Daneza öz çykyşynda medeni alyş-çalşygyň halklaryň arasynda düşünişmek we ýakynlaşmak üçin möhüm köpri bolup hyzmat edýändigini belledi.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow çykyşynda, BMG tarapyndan ykrar edilen bitaraplyk derejesiniň Türkmenistan üçin hyzmatdaşlygy we dialogy ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Ol şeýle-de döwrebap çemeleşmeleriň we döredijiligiň bu mümkinçiliklere täze mazmun goşýandygyny nygtady.
Geçirilen bu medeni çäre, Türkmenistany we Ýewropany has-da ýakynlaşdyrýan nobatdaky ädim bolup, sungatyň dürli ýurtlaryň halklaryny ýakynlaşdyrýandygyny, dostluk, ynam we parahatçylyk ruhuny ösdürýändigini görkezdi.








30635-90x604.jpg)





