Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we Bitaraplyk syýasatynyň 30 ýyllygy mynasybetli TRT Avaz iki sany gysga metražly filmiň görkezilişini geçirdi. “Pähim-paýhasly Magtymguly türkmen” we “Arkadag — geljegiň şäheri” atly bu filmleriň tanyşdyrylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirildi.
Magtymguly Pyragy baradaky film beýik türkmen şahyryň döredijiligine bagyşlanýar. Onda şahyryň pähim-paýhasly sözleri, umumadamzat üçin ähmiýetli pikirleri hem-de türkmen halkyna miras galdyran baý medeniýeti öz beýanyny tapýar.
“Arkadag — geljegiň şäheri” atly film bolsa ýurduň innowasion ösüşiniň nyşany bolan häzirki zaman şäherine bagyşlanýar. Bu ýerde akylly şäher infrastrukturasynyň, döwrebap tehnologiýalaryň we ilatyň amatly ýaşaýşy üçin döredilen şertleriň aýratynlygyna üns berilýär. Film Türkmenistanyň durnukly ösüşe gönükdirilen strategiki garaýşyny görkezýär.
Bu taslamalar TRT Avaz teleýaýlymynyň Türkmenistanyň medeni mirasyna hem-de häzirki döwürdäki ösüşine bagyşlanýan dokumental we çeper filmler tapgyrynyň dowamydyr. Taryhy Aşgabat we Merw şäherlerinden başlap, Köneürgenç hem-de Garagum sährasynda ýerleşýän “Derweze” gaz krateri baradaky çeper filmler Türkmenistany dünýäde tanatmakda, onuň baý taryhyny we häzirki zaman innowasiýalaryny birleşdirip görkezmekde möhüm orun eýeleýär.





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


