ADNOC Aşgabatda täze edarasyny açdy

ADNOC Aşgabatda täze edarasyny açdy
ADNOC ofisiniň açylyş dabarasy, 2025-nji ýylyň 24-nji noýabry, Türkmenistan

Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy ADNOC duşenbe güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Arkaç” söwda dynç alyş merkezinde täze edarasyny açdy. Çärä Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň, halkara kompaniýalaryň wekilleri hem-de Birleşen Arap Emirliklerinden hyzmatdaşlary gatnaşdy.

Açylyş dabarasynda BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmad Al Hameli, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow we ADNOC-yň emläkleri dolandyrmak boýunça direktory. Bassem Tadros çykyş etdiler.

Çykyşlaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetine üns çekilip, ADNOC kompaniýasynyň Türkmenistanda durnukly we uzak möhletleýin esasda iş alyp barmagy meýilleşdirýändigi, şeýle hem energiýa ulgamynyň ösdürilmegine we milli hünärmenleriň tejribesini ýokarlandyrmaga goşant goşmaga taýýardygy nygtaldy.

Dabara gatnaşyjylar ADNOC-yň Aşgabatda edarasynyň açylmagy täze sahypa bolup, türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hem-de Türkmenistanyň energiýa pudagyna daşary ýurt maýadarlarynyň ünsüni artdyrmakda möhüm ädimdigini nygtadylar.

ADNOC kompaniýasy şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Hazarýaka bölegindäki 1-nji blokdan 38 göterim paýy satyn alyp, bu ýerde Petronas kompaniýasy bilen bilelikde iş alyp barýar. Her gün takmynan 400 million ülňä laýyk kub fut tebigy gaz öndürýän I gaz blokda 7 trillion kub futdan gowrak alynýan serişdeleriň gorlary bar we mundan beýläkki ösüş üçin ýokary mümkinçilige eýedir.

ADNOC – Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy bolup, ol BAE-niň uglewodorod gorlarynyň 95 göterimine gözegçilik edýär we nebit gorlary boýunça dünýäde 6-njy, tebigy gaz gorlary boýunça 7-nji ýeri eýeleýär. Kompaniýa gözleg we önümçilik, nebiti gaýtadan işlemek we arassalamak, nebit önümleriniň marketingi we olary paýlamak bilen meşgullanýan birnäçe golçur kärhanasyny öz içine alýar.

2022