Türkmenistan we Britaniýa bilim, medeniýet ulgamlarynda birnäçe ylalaşyklara gol çekdiler

Türkmenistan we Britaniýa bilim, medeniýet ulgamlarynda birnäçe ylalaşyklara gol çekdiler

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa bilim we medeniýet ministrlikleriniň, şeýle hem öňdebaryjy britan bilim edaralarynyň we kompaniýalarynyň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy anna güni habar berdi.

Bu resminamalar türkmen wekiliýetiniň 26-njy fewralda geçirilen “Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa” formatyndaky ilkinji ministrler sammitine gatnaşmak üçin London şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde kabul edildi.

Gol çekilen ylalaşyklar arheologiýa, dil bilimi, hünär başarnyklary we halkara derejesinde ykrar edilýän kwalifikasiýalar babatda hyzmatdaşlygy öz içine alýar. Hususan-da, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi London Uniwersitet Kollejiniň Arheologiýa instituty bilen ylalaşyga gol çekdi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bolsa “AQA Assessment Services” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama kabul etdi.

Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Norwiç dil bilimi institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen “Nottingham Trent” uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi akademiki alyş-çalyş, institutsional ösüş we halkara derejesinde ykrar edilen hünär derejelerini almak üçin täze mümkinçilikleri döredýär, bu bolsa bilime, başarnyklara we Türkmenistanyň geljekki nesline möhüm maýa goýum hökmünde garalýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС