Meşhur italýan zergäri Paolo Bulgari 89 ýaşynda aradan çykdy

BT
Meşhur italýan zergäri Paolo Bulgari 89 ýaşynda aradan çykdy

Italiýaly zergär we işewür, "Bulgari” şaý-sepler brendiniň halkara derejesinde meşhurlyk gazanmagynda we onuň lýuks brendleriň birine öwrülmeginde goşandyny goşan şahsyýetleriň biri Paolo Bulgari şenbe güni 89 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.

Rim şäherinde 1937-nji ýylda dünýä inen Paolo Bulgari XIX asyryň ahyrynda Italiýada “Bulgari” şaý-sepler öýüni esaslandyran Sotirio Bulgariniň agtygydyr. Ol 1960-njy ýylda hukuk ugrundan bilim alandan soň maşgala işine goşulyp, gymmat bahaly daşlar boýunça pudagyň öňdebaryjy hünärmenleriniň biri hökmünde tanalýar. Paolo Bulgari dogany Nikola we soňra ýegeni Françesko Trapani bilen bilelikde Rimde esaslandyrylan şaý-sepler öýüniň halkara lýuks brendine öwrülmegine ýardam etdi.

Paolo Bulgari 1984-nji ýyldan başlap kompaniýanyň ýolbaşçylygynyň başyna geçeninden soň, “BVLGARI” brendi şaý-sepler önümçiliginden başga-da sagat, atyr, esbaplar we myhmanhanalar ýaly ugurlara ýaýbaňlandy. Kompaniýa Nýu-Ýork, Pariž we Ženewa ýaly iri şäherlerde dükanlaryny açyp, öz gerimini giňeltdi. Brendiň şaý-sepleri Elizabet Teýlor, Riçard Burton, Sofi Loren, Odri Hepbern, Nikol Kidman we Anjelina Joli ýaly dünýä belli ýyldyzlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.

Bulgari maşgalasynyň 2011-nji ýylda kompaniýanyň gözegçilik paýyny Fransiýanyň “LVMH” lýuks harytlar toparyna satmagy bilen “Bulgari” brendi “LVMH” toparynyň düzümine girip, dünýäniň öňdebaryjy lýuks brendleriniň hataryndaky ornuny has-da berkitdi. Italiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Paolo Bulgari ömrüniň soňky günlerine çenli şaý-sepleriň täze dizaýnlaryny taýýarlamagyny dowam etdiripdir

2022
ENG TM РУС