Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sişenbe güni geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Köpçülikleýin welosipedli ýörişe Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurtdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Sport çäresi Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän “Welosiped” binasynyň ýanyndan badalga aldy we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen dowam etdi.
Habarda bellenilişi ýaly, welosipedli ýörişiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde türkmen raýatlaryna görelde bolmak bilen, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden we sport taýýarlygyny görkezdi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da, ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sişenbe güni diňe bir Aşgabat şäherinde däl, eýsem, Arkadag şäherinde, ýurduň ähli welaýatlarynda hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler guraldy. “Tegelek stol” duşuşyklary, maslahatlar, ylmy-amaly maslahatlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we görkezme çykyşlary, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çäreler geçirildi.













