Rustam Minnihanow “Kazan Halal Market” ýarmarkasyndaky Türkmenistanyň pawilýonyna baryp gördi

Rustam Minnihanow “Kazan Halal Market” ýarmarkasyndaky Türkmenistanyň pawilýonyna baryp gördi
Rustam Minnihanow "Kazan Halal Market" halkara ýarmarkasyndaky Türkmenistanyň pawilýony bilen tanyşýar, 2026-njy ýylyň 13-nji maýy, Kazan, Tatarystan (Surat: Rustam Minnihanowyň sosial ulgamlary)

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow 12–17-nji maý aralygynda Kazan şäherinde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2026” forumynyň çäklerinde geçirilýän “Kazan Halal Market” halkara ýarmarkasyndaky Türkmenistanyň pawilýonyna baryp gördi.

Şu ýyl sergä Russiýanyň 11 sebitinden we daşary ýurtlaryň dokuzsyndan 100-e golaý kompaniýa gatnaşýar. Ekspozisiýa “halal” standartlaryna laýyk gelýän önümleriň giň görnüşini öz içine alýar. Bu barada Rustam Minnihanowyň sosial ulgamlarynda habar berildi.

Ozal Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurduň wekiliýetiniň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine saparynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

“Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” forumy Russiýa Federasiýasy bilen yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdançalaryň biri hasaplanýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС