Azerbaýjan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankerini sowgat berdi

Azerbaýjan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankerini sowgat berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew "Dotluk" tankerini herekete girizdiler. 2026-njy ýylyň 22-nji iýuny, Baku, Azerbaýjan (Surat: "Azertac")

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde duşenbe güni iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň we resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Bakuda “Dostluk” nebit tankeriniň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Türkmen-azerbaýjan gepleşikleri tamamlanandan soň, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň we resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda “Zagulba” köşgünde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen dabara wagtynda Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministri Raşad Nabiýew tanker barada maglumat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ýörite düwmä basyp, tankeri herekete girizdiler. Wideoaragatnaşyk arkaly tankeriň deňze çykarylyşy görkezildi. Wideoşekil tamamlanandan soňra Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tankeriň degişli şahadatnamasyny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Azerbaýjan Prezidentiniň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, “Dostluk” nebit tankeri Baku Gämi gurluşyk zawodynda gurlup, onuň uzynlygy 141 metre, ini 16,9 metre, çöküşi 4,54 metre deňdir. Tankeriň ýük göterijiligi 7 müň 875 tonna barabar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022