Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-iň bilelikdäki taslamalarynyň çäginde Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde täze gün elektrik stansiýasy açyldy. Bu barada ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy penşenbe güni habar berdi.
Kuwwaty 12,5 kWt bolan stansiýa 48 kWt·sagatlyk akkumulýator toplumy we sanly gözegçilik ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Ol mekdebiň howlusyny we sport meýdançasyny, şol sanda agşamky wagtda we elektrik energiýasy kesilen ýagdaýynda ýagtylandyrmagy üpjün eder.
Täze elektrik stansiýasynyň okuwçylar üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa tehnologiýalaryny iş ýüzünde öwrenmäge mümkinçilik berýän okuw laboratoriýasy hökmünde hem ulanylmagy meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-iň bilelikdäki “Ýaşyl mekdep” maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilen bu taslama mekdepleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, klimat we daşky gurşawy goramak meselelerini, şeýle hem tebigy hadysalaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça bilimleri okuw işine ornaşdyrmaga gönükdirilendir.













