Türkmen sazandasy Sinandali festiwalynda orkestriň baş sazandasy hökmünde çykyş edýär

Türkmen sazandasy Sinandali festiwalynda orkestriň baş sazandasy hökmünde çykyş edýär
VIII Halkara Sinandali klassiki saz festiwaly, (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgüniň sazandasy Gruziýada 3–13-nji sentýabr aralygynda geçirilýän VIII Halkara Sinandali klassiki saz festiwalynda Pan-Kawkaz ýaşlar orkestriniň baş sazandasy hökmünde çykyş edýär. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy habar berdi.

Festiwala Türkmenistanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Moldowanyň we Ukrainanyň ýaş sazandalary gatnaşýarlar.

Sinandali festiwaly ýaş sazandalara hünär taýdan kämilleşmäge, ýerine ýetirijilik ussatlygyny artdyrmaga we halkara derejeli sazandalar bilen döredijilik tejribesini alyşmaga ýardam berer. Mundan başga-da, festiwalda ýaş sazandalara häzirki zaman klassiki sazynyň görnükli wekilleriniň maslahatlaryna we ussatlyk sapaklaryna gatnaşmaga mümkinçilik dörediler.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow festiwalyň çäklerinde guramaçylar we türkmen sazandalary bilen duşuşyp, festiwalyndaky dürli ýurtlardan gelen sazandalary birleşdirýän bu halkara meýdançanyň medeni gepleşikleriň we döredijilik hyzmatdaşlygyň ösmegine uly ýardam berýändigini belledi.

Ýaş sazandalaryň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmäge we halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge giň ýardam berýän bu medeni çäreleriň biri bolan Sinandali festiwaly Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda esasy medeni köpri bolup çykyş edýär.

2022