Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilip, çäräniň dowamynda ýerli kärhanalaryň öndürýän önümleri, täze taslamalar we milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri görkezilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralyp, onda ministrlikleriň, döwlet konsernleriniň, welaýatlaryň, döwlet we hususy pudaklara degişli kärhanalaryň diwarlyklary ýerleşdirilýär, şeýle hem ýurduň ykdysadyýetiniň dürli ugurlary boýunça öndürilýän önümler we durmuşa geçirilýän taslamalar bilen tanyşdyrylýar.
Sergide nebitgaz pudagynda känler, infrastruktura we eksport ugurlary baradaky maglumatlar görkezilýär. Şeýle hem sergä gatnaşyjylar “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry we gaz geçiriji infrastrukturasyny ösdürmek, şol sanda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi bilen bagly taslamalar bilen hem tanyşdyrylýar.
Mundan başga-da, sergide himiýa senagatyna, elektroenergetika, gurluşyk, ulag, oba hojalygy we bank hyzmatlaryna bagyşlanan diwarlyklar ýerleşdirilýär. Hususan-da, myhmanlar sanly töleg ulgamlarynyň ösüşi, himiýa we azyk önümleriniň önümçiligi, şeýle hem eksporta gönükdirilen önümler bilen tanyşyp bilýärler.
Ulag pudagynda halkara awtoulag, demir ýol, deňiz we howa gatnawlary baradaky maglumatlar görkezilýär. Şeýle hem sergide uly göwrümli ýükleri daşamak boýunça mümkinçilikler we sanly gümrük amallary tanyşdyrylýar.
Hususy pudagyň diwarlyklarynda kompýuter, monitor, monoblok, noutbuk, töleg terminallary, hojalyk tehnikalary we mebel öndürýän kompaniýalar gatnaşýar. Olaryň hatarynda “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti we “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy bar.
Sergide dokma senagatynyň önümleri, haly önümleri, lukmançylyk harytlary, şeýle hem ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ugurlaryndaky taslamalar hem görkezilýär.
Mundan başga-da, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem welaýatlaryň diwarlyklarynda sebitleriň senagat kuwwaty, infrastruktura taslamalary we medeni durmuşy bilen tanyşmaga uly mümkinçilik berýän maglumatlar ýerleşdirilýär.
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 19-njy sentýabrda öz işini tamamlar.













