Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda saglygy goraýyş maksatly täze binalaryň açylyşyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda saglygy goraýyş maksatly täze binalaryň açylyşyna gatnaşdy
Halkara pediatriýa merkezi (Surat: TDH)

Aşgabatda 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara Pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi 500 orunlyk bolup, onkologiýa kesellerini anyklamak we bejermek boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenenip, täze merkez ozalky Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binýadynda döredildi.

Stomatologiýa merkezi 80 orunlyk bolup, stomatologiýa we äň-ýüz böleginiň keselleri boýunça bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Merkezde innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap lukmançylyk kömegini guramak göz öňünde tutulýar.

Halkara Pediatriýa merkezi bolsa 160 orunlyk bolup, çagalaryň saglygyny goramak we pediatriýa boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermek üçin döredildi. Ol Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzüminde hereket eder.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Stomatologiýa merkezini, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini hem-de Halkara pediatriýa merkezini döretmek we olar hakynda Tertipnamany we Düzgünnamany bellenen tertipde tassykla­mak boýunça Karara gol çekdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022