Malaýziýanyň nebitgaz hyzmatlary pudagynda iş alyp barýan kompaniýalary türkmen işewürleri bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda tehnologiýa alyş-çalşygyny ýola goýmaga, hünärmenleri taýýarlamaga we ýerli üpjün edijileriň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam bermäge taýýar. Bu barada Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir Aşgabatda geçirilýän “OGT 2026” halkara maslahatynyň plenar mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.
Ministriň aýtmagyna görä, halkara sergä nebitgaz hyzmatlary we enjamlary (OGSE) pudagynda işleýän Malaýziýanyň 20-ä golaý kompaniýasy gatnaşýar. Olaryň ýedisi Malaýziýanyň milli pawilýonynda wekilçilik edýär. Malaýziýanyň wekiliýeti bu çärä “Malaysia Petroleum Resources Corporation” (MPRC) guramasynyň milli kärhanalaryň halkara bazarlaryna çykmak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen başlangyjynyň çäklerinde gatnaşýar.
Habarda bellenilişi ýaly, malaýziýaly kompaniýalar diňe bir enjam we hyzmat bilen üpjün edijiler hökmünde däl, eýsem türkmen işewürleriniň uzak möhletleýin hyzmatdaşlary hökmünde hem çykyş etmäge taýýar. Ministr şeýle hyzmatdaşlygyň netijelerine diňe baglaşylan şertnamalar boýunça däl, eýsem Türkmenistanyň alýan amaly peýdasy — täze iş orunlarynyň döredilmegi, ýerli üpjün edijileriň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi we hünär başarnyklarynyň ösdürilmegi boýunça hem baha berilmelidigini belledi.
Akmal Nasrulla Malaýziýanyň wekiliýetiniň iýun aýynda Türkmenistana saparyny we şol saparyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow bilen bilelikde iki ýurduň hökümetleriniň arasynda uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça çarçuwaly ylalaşyga gol çekilendigini ýatlady.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri 1996-njy ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýan PETRONAS kompaniýasynyň goşandyny hem belledi. Onuň aýtmagyna görä, kompaniýanyň Türkmenistandaky işi diňe bir uglewodorod serişdelerini çykarmaga däl, eýsem infrastruktura desgalarynyň ösdürilmegine, ýerli hünär mümkinçilikleriniň giňeldilmegine we ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna hem ýardam berdi.













