Türkmenistanda “Täze Aý önümleri” kärhanasynyň süýdi gaýtadan işleýän toplumy açyldy

Türkmenistanda “Täze Aý önümleri” kärhanasynyň süýdi gaýtadan işleýän toplumy açyldy
Mary welaýatynyň Mary etrabynda “Täze Aý” süýdi gaýtadan işleýän täze toplumynyň açylyş dabarasy, 2026-njy ýylyň 24-nji oktýabry. (Surat: “Altyn asyr” elektron gazeti)

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Mary etrabynda 24-nji oktýabrda "Täze Aý önümleri" hojalyk jemgyýetiniň ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen täze kärhanasy açylyp ulanylmaga berildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde şenbe güni habar berildi.

Önümçilik toplumy 3,5 gektar meýdany eýeleýän kärhanada Türkiýäniň we Germaniýanyň kompaniýalarynda öndürilen tehnikalar ornaşdyrylyp, kärhananyň işe girizilmegi bilen 300-den gowrak täze iş orny döredildi.

Kärhanada süýt önümleriniň gaýmak, gatyk, dorog, mesge ýagy, süzme, aýran we dürli tagamly doňdurma önümleriň birnäçe görnüşleri öndürilýär. Kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 3 müň tonna gury süýdi, takmynan 1 müň 50 tonna mesge ýagyny, 8 müň tonna turşy süýt önümlerini, 1 müň tonnadan 1,5 müň tonna çenli peýniri we 10 müň tonna doňdurmany öndürmäge niýetlenendir.

Täze zawodyň açylyş dabarasyna Mary welaýatynyň häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işgärleri, hususy pudagyň wekilleri, kärhananyň işgärleri, ýaşulular hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Desganyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabaradan soň myhmanlar önümçilik bölümleri, oturdylan enjamlar we önümleriň görnüşleri bilen tanyşdylar. Toplumyň düzümine birnäçe önümçilik bölümi, çig malyň we taýýar önümleriň hilini barlamak üçin barlaghana, edara binasy, ammarlar we kömekçi otaglar girýär. Taslama boýunça toplumda gurlan ammarlarda taýýar önümleriň bir bada 380 tonnasyny saklamaga mümkinçilik bolar.

Önümçiligiň esasy çig maly hökmünde ilatdan, daýhan hojalyklaryndan we hususy kärhanalardan baglaşylan şertnamalar esasynda satyn alynmagy meýilleşdirilýän sygyr süýdi ulanylar. Habarda bellenilişi ýaly, süýt önümlerini öndürmek üçin günde 140–150 tonna süýt gerek bolar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň ozal habar berşi ýaly, "Täze Aý" kärhanalar topary 2004-nji ýylda birnäçe iri kärhananyň birleşmegi netijesinde döredildi. Soňky iki onýyllygyň dowamynda kompaniýa şöhlat we konditer önümlerini, süýt önümlerini hem-de etden taýýarlanylýan ýarym taýýar önümleri öndürýän iri ýerli öndürijileriň birine öwrüldi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022