Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň 500-den gowrak wekilleriniň gatnaşmagynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürlik forumy anna güni Şanhaý şäherinde öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan “TMT Consulting Group” kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýyň 9-njy Halkara import harytlary sergisine (CIIE 2026) gatnaşmagynyň çäklerinde guraldy.
Forumyň çäklerinde gatnaşyjylar Şanhaýyň Milli sergi we maslahatlar merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň ykdysadyýetde gazanan üstünliklerini we milli öndürijileriň önümlerini görkezýän milli pawilýonyna baryp gördüler. Forumyň çäginde “Beýik Ýüpek ýoluny ösdürmek: strategik hyzmatdaşlygyň täze tapgyry” atly plenar mejlisde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Forumyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi, senagat gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine esasy üns berildi. Şeýle hem energetika, dokma, gurluşyk we elektrotehnika pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we özara söwdany diwersifikasiýalaşdyrmak mümkinçiliklerine garaldy. Mundan başga-da, hytaýly hyzmatdaşlara Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri we daşary ýurtly maýadarlar üçin döredilen şertler barada maglumatlar berildi.
Forumyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň işewür düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlyk barada birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Forum 7-nji noýabrda tamamlanar.













