Türkmenistanyň Mejlisi 2027-nji ýylyň Döwlet býujeti hakynda kanun kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Mejlisi 2027-nji ýylyň Döwlet býujeti hakynda kanun kabul etdi
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on üçünji maslahaty, 2026-njy ýylyň 25-nji noýabry. (Surat: “Altyn asyr” elektron gazeti)

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary çarşenbe güni geçirilen ýedinji çagyrylyşynyň on üçünji maslahatynda “Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanuny we “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Karary biragyzdan kabul etdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda ykdysadyýeti mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak we senagatlaşdyrmak, senagat, oba hojalyk hem-de ulag-aragatnaşyk toplumyny we beýleki pudaklary döwrebaplaşdyrmak we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem hususy pudagy goldamak, sebitleri ösdürmek we dürli ugurlarda iri taslamalary durmuşa geçirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenýär.

Döwlet býujetindäki serişdeleriň esasy bölegi bilim we ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, ýaşlar maksatnamalary, döwlet durmuş üpjünçiligi hem-de ýaşaýyş jaý gurluşygy ýaly durmuş ulgamyna gönükdiriler. Şeýle hem maslahatyň dowamynda geljek ýyl üçin ýerli býujetleriň görkezijilerine hem garaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisinde “Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň we “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Kararyň taslamalary boýunça deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi. Olara ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar ýurduň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk esaslaryny üpjün etmek we Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ilerletmek boýunça işleri dowam etdirjekdiklerini tassykladylar.

2022
ENG TM РУС