Ýekşenbe güni Aşgabat şäher häkimliginde “Aşgabat siti” taslamasyna niýetlenen maslahat geçirildi. “Şäher içinde şäher” taslamasynyň meýdany 744 gektara deň bolup, 200-den köp bina gurlar. “Aşgabat siti”-de 12 we 35 gat aralygyndaky ýaşaýyş jaýlaryň 180-de 107 müň raýatyň ýaşamaklary üçin mümkinçilik dörediler. Türkmen döwlet habarlar agentliginiň (TDH) habaryna görä täze şäher infrastrukturasy “akylly şäher” modeline görä bina ediler.
Paýtagtyň demirgazyk tarapynda guruljak täze şäheriň taslamasy Aşgabat şäher häkimligi we Türkmenistanyň Gurluşyk we Binagärlik ministrligi tarapyndan taýýarlanyldy.
“Aşgabat siti” taslamasy 3 müň okuwça niýetlenen dört orta mekdebi, 1 müň 200 çaga niýetlenen dört sany çagalar bagyny, Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň binasyny öz için alar. Täze şäheriň merkezinde ýerli binagärligiň nusgasy hökmünde “Ak öýi” ýerleşdiriler. Taslamanyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek guruljak 30 we 35 gatly binalaryň seýsmiki hadysalara çydamly bolmagy üçin aýratyn tehnologiýanyň üstünde işleniler.
20-nji iýunda Aşgabat şäher häkimliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtyň demirgazyk böleginde guruljak täze toplumyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.