Gyýanlynyň polimer zawody 80 müň tonnadan gowrak polimer önümlerini öndürdi

Gyýanlynyň polimer zawody 80 müň tonnadan gowrak polimer önümlerini öndürdi

Gyýanlydaky polimer zawody ýylyň başyndan bäri 67 müň 981 tonna dürli görnüşli polietilen, hem-de 12 müň 673 tonna polipropilen öndürdi. Bu barada nebitgaz pudagynyň saýty habar berýär.

Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ýerleşýän bu gazhimiýa toplumynyň önümleri dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Toplumda öndürilýän polimer önümlerini satyn almakda Russiýa, Koreýa Respublikasy, Gazagystan, Şweýsariýa, Marşal adalary, Özbegistan we Owganystan öňdäki orunlary eýeleýär.

2013-nji ýylyň sentýabrynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny gurmak hakynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Koreýa Respublikasynyň “LG International Corp”, “Hyundai Engineering” we Ýaponiýanyň “TOYO Engineering Corporation” kompaniýalarynyň arasynda üçtaraplaýyn ylalaşyk baglaşyldy. Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanda gazhimiýa toplumyny gurmak boýunça umumy bahasy 3 milliard 423 million amerikan dollaryndan gowrak bolan taslama durmuşa geçirildi.

Gyýanlydaky polimer zawodynda ýylda 5 milliard kub metr möçberdäki tebigy gazdan polietilen we polipropilen öndürmek üçin zerur bolan çig mal alynýar. Tebigy gazyň bu çig maly öndürmekden galan möçberini, ýagny 4.5 milliard kub metrini ýangyç hökmünde ulanmak üçin gaz geçiriji ulgamlara akdyrylýar. Bu gazhimiýa toplumynyň kuwwaty ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge ukyplydyr.

2022