Sanly ykdysadyýet we ýerli IT kompaniýalary “Turkmentel 2019”-yň üns merkezinde

Sanly ykdysadyýet we ýerli IT kompaniýalary “Turkmentel 2019”-yň üns merkezinde

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda çarşenbe güni Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň XII halkara sergisi “Turkmentel 2019” öz işine başlady.

8 müň inedördül metr meýdançada geçirilýän sergä ýerli kompaniýalar bilen bir hatarda, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk saklamak isleýän daşary ýurtly işewürler gatnaşýar.

“Turkmentel 2019” sergisi GDA ýurtlarynyň iň uly aragatnaşyk sergileriniň biri bolmak bilen 14-e golaý ýurduň kompaniýalary öz pawiliýonlaryny açýar.

Sergä ýerli ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegine ýardam berýän “Asman oky”, taksini onlaýn sargyt etmäge mümkinçilik berýän applikasiýany işläp taýýarlaýjy “Ykjam aragatnaşyk”, kiber howpsuzlyk ulgamynda hem iş alyp barýan “Türkmen Tranzit” ýaly ýerli kompaniýalar gatnaşýar. Şeýle hem “Tmcars” we “Saraý” ýaly elektron söwda we bildiriş platformaly bar.

Ýerli telefon brendi “Milli one” özüniň akylly telefonlaryny, adaty telefonlaryny, şeýle hem kompýuterdir planşetlerini sergide görkezýär. Kompaniýanyň wekilinden alnan maglumata görä, öňümizdäki ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, “Milli one” kysymly enjamlar ýerli bazara goýberiler.

Türkmenistanyň döwlet aragatnaşyk edaralary hem sergide öz täzelikleri bilen tanyşdyrýarlar. “Türkmentelekom” aragatnaşyk kompaniýasy we Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) 1-nji dekabrdan başlap internet nyrhnamalarynda geçiriljek arzanladyşlar barada maglumat berýärler.

Sergä gatnaşýan daşary ýurtly kompaniýalaryndan akylly enjamlary öndüriji “Huawei” we “Apple”, teleradioýaýradyş enjamlaryny öndürýän “Triada Tv” we “Sony”, şeýle hem aragatnaşyk tehnologiýalaryny işläp taýýarlaýan “Rohde & Schwarz” ýaly kompaniýalar öňe saýlanýar.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan geçirilýän sergi 28-nji noýabrda hem dowam eder.

2022