Türkmen IT kompaniýalary “UK Technology Conference 2020” forumyna gatnaşdy

Türkmen IT we tehnologiýa kompaniýalary duşenbe güni Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen “UK Technology Conference 2020” atly tehnologik maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

“Akylly Tilsimat”, “Türkmen Tranzit”, “Imdat Elektronika” we “Türkmen IT Park” ýaly kompaniýalaryň hünärmenlerinden ybarat türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy Beýik Britaniýanyň Halkara söwda departamenti (DIT) we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan goldanyldy.

Çäre işewürlik ulgamynyň, uniwersitetleriň, barlag merkezleriniň we hökümetiň öňdebaryjy wekillerini bir ýere jemledi. Dürli ulgamlara, şol sanda maliýe tehnologiýalaryna, oba hojalyk tehnologiýalaryna, sanly önümçilige, ylma we innowasiýalara, açyk maglumatlara we akylly şäherlere degişli bölümçeler we okuw maslahatlary hem guraldy.

Dürli ugurlarda işleýän britan bilermenleri Beýik Britaniýanyň tehnologiýalar babatda artykmaçlygyny açyp görkezdi we gatnaşyjylara işewürlik meýilnamalary boýunça peýdaly maslahatlary berdi.

Beýik Britaniýanyň intellektual tehnologiýalar ulgamyndaky mümkinçilikleri bilen tanyşdyran bu forum Beýik Britaniýada we Türkiýede türkmen kompaniýalarynyň iş alyp barşyny ýokarlandyrmak, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny öwrenmek we täze hyzmatdaş gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin britan kompaniýalary bilen duşuşmagyň mümkinçiliklerini özleşdirmäge meýdança bolup hyzmat etdi.

Şeýle-de forum Beýik Britaniýanyň maýa goýum ekoulgamy barada düşünje almaga, ylmy-barlag we tejribeçilik-konstruktorçylyk işlerini maliýeleşdirmegiň elýeterli mümkinçiliklerini öwrenmäge ýardam etdi.

Türkmenistandaky telekeçiler we kompaniýalar üçin durnukly işewürlik-ulgamyny döretmek ugrunda işleýän “Akylly Tilsimat” kompaniýasy täze işewürlik maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän “Men – telekeçi” diýen taslamany işläp taýýarlady. Taslamany mundan beýläk-de ösdürmek üçin kompaniýa Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyndan 2019-njy ýylyň iýul aýynda maliýe goldawyny alypdy.

“Türkmen Tranzit” kompaniýasy 2010-njy ýylda esaslandyrylyp, maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ulgamynda iş alyp barýar. Kompaniýa geçen ýylyň mart aýynda kiberhowpsuzlyk boýunça öz bölümçesini işe girizdi.

“Imdat Elektronika” Türkmenistanda aragatnaşyk, howpsuzlyk we maglumat tehnologiýalary ulgamynda çözgütler bilen üpjün edýär. 2019-njy ýylyň 4-nji martynda kompaniýa öňdebaryjy “Makeblock” öndürijisiniň robot-tehniki platformasyny satýan ýurtda ilkinji ýöriteleşdirilen dükanyny açdy.

2019-njy ýylyň awgust aýynda döredilen “Türkmen IT Park” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurtda sanly düzümi ösdürmegi we Türkmenistanyň innowasion önümini halkara bazaryna çykarmagy maksat edinýär.