Türkmen kompaniýasy saglyk pudagyny dokama däl matalar bilen üpjün edýär

Türkmen kompaniýasy saglyk pudagyny dokama däl matalar bilen üpjün edýär

“Türkmen senet” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda dokama däl “spanbond” tehnologiýaly matalaryň önümçiligini ýola goýdy.

Kärhana Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy esasynda lukmançylyk önümlerini hödürleýär. “Türkmen senet” lukmançylyk maskalary, halatlary, baş gaplary üçin “spanbond” tehnologiýaly matalar bilen üpjün edýär.

Hojalyk jemgyýetiniň satuw menejeri Kerim Garlyýewiň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanynda önümçiliginde ýerli çig maly ulanýandyklaryny aýtdy.

“Biz geljekde ekogaplaryň bäş görnüşiniň önümçiligini hem ýola goýmagy meýilleşdirýäris. Häzirki wagtda diňe synag görnüşini ulanyşa girizdik” diýip, Garlyýew belledi. “Ekogaplar bütin dünýäde trend bolup durýar”.

“Türkmen senet” hojalyk jemgyýetiniň zawody Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. Kärhanada Hytaýyň tehnologiýasy ulanylýar.

Kompaniýanyň dokama däl önümleri saglyk pudagy bilen bir hatarda oba hojalygynda hem ulanylýar.

2022