“Çeper” haly dükany täze öwüşginli halylary alyjylara hödürleýär

Aşgabat şäheriniň merkezinde ýerleşýän “Çeper” haly dükany häzirkizaman äheňler bilen gadymy nagyşlar sazlaşdyrylyp dokalan haly we haly önümleriniň täze görnüşlerini ilata hödürlemäge başlady.

Paýtagtyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna has oňaýly söwda şertlerini döretmek maksady bilen açylan täze haly dükany “Abadan” haly toplumynda öndürilýän haly önümleriniň dürli görnüşlerini, şol sanda altyn çitim, “Owadan”, “Kümüş”, “Tolkun”, “Sähra”, “Tomus” we “Pasyl” haly görnüşlerini alyjylara hödürleýär.

“Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň haly toplumynda Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýasy bilen dokalýan göze ýakymly we ýokary hilli önümler häzirki güne çenli uly isleglerden peýdalanyp gelýär. Ýurduň dürli künjeklerindäki dükanlarda ilata ýetirilýän halylar daşary ýurtlara hem eksport edilýär.

“Abadan haly” AGPJ-niň 2016-njy ýylda açylan haly toplumynyň halylary daşary ýurtlarda, şeýle-de Türkmenistanda gurnalýan halkara sergileriň abraýly önümleriniň arasynda görkezilýär. Bu kärhana häzirki wagtda Türkmenistanda dokma pol örtükleriniň iň uly öndürijisidir.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän toplumyň umumy meýdany 14.5 gektar bolup, onda polipropilen we akril ýüplük öndürýän, haly dokaýan, kebşirleýän hem-de gaýtadan işleýän bölümler bardyr. Toplumda 650-den gowrak işgär zähmet çekýär. Kärhana her ýyl 2.500.000 inedördül metrden gowrak haly we haly önümlerini öndürmäge ukyplydyr.

Toplumyň haly önümleri we polipropilen ýüplükleri Gazagystana, Özbegistana, Owganystana, Azerbaýjana we Türkiýä eksport edilýär. Kärhana Russiýa, şeýle hem Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça gepleşikleri alyp barýar.