Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanda geçen agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde agzaçar sadakasyny berdi. Agzaçar sadakasyna paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, agzaçar sadakasyna Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri gatnaşdylar.

Iki dostlukly ýurduň Liderleri Türkmenistanyň Baş metjidine gelip, kümmete baryp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyraladylar. Kümmetde Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri aýat we doga okadylar.

Dostlukly goňşy döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasynyň aradan çykmagy zerarly Milli Liderimize we maşgala agzalaryna gynanç bildirip, şu agyr pursatlarda sabyr-takatlylyk, ruhy durnuklylyk arzuw etdi. Şeýle hem, belent mertebeli myhman türkmen Lideriniň Türkmenistanyň Baş metjidinde berýän agzaçar sadakasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, berlen sadakanyň hem-de okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Milli Liderimiz duýgudaşlyk we medet beriji sözler üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, Özbegistanyň Prezidentiniň şu agyr pursatlarda hakyky dost hökmünde gynanjyny paýlaşýandygyna ýokary baha berýändigini belledi.

Şeýle hem, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň metjitlerinde mübärek Oraza aýynda asylly ýörelge hasaplanylýan agzaçar sadakalary berildi.

(Suratlar: Türkmenistanyň resmi metbugaty, Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)