Minskde GDA-nyň hökümet ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Belarus Respublikasynyň paýtagty Minskde anna güni Belarusyň premýer-ministri Roman Golowçenkonyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda çäkli format görnüşinde wekiliýetleriň ýolbaşçylary Arkalaşygyň we dünýä ýurtlarynyň epidemiologiki ýagdaýyny göz öňünde tutup, GDA-da ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň giňişleýin düzüminde üç resminama, ýagny GDA agza ýurtlarynda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça bilelikdäki hereketleriniň orta möhletli meýilnamasy barada, GDA agza ýurtlarynyň çäklerini sanitar taýdan goramak pudagyndaky hyzmatdaşlyk şertnamasy barada, şeýle hem Arkalaşygyň döwletleriniň ilatynyň iş üpjünçiligini ösdürmekdäki hyzmatdaşlyk barada hasabatlar diňlenildi.

Mundan başga-da wekiliýetleriň ýolbaşçylary tarapyndan birnäçe resminamalara gol çekildi. Olara galp söwda bellikleriniň we geografiki görkezmeleriň ulanylmagynyň öňüni almak hem-de ýatyrmak, şeýle hem geodeziýa, kartografiýa, kadastr we Ýeriň distansion zond barlagynda özara hyzmatdaşlygy düzgünleşdirýän resminamalar degişlidir.

Şeýle hem, duşuşykda GDA agza ýurtlarda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin döwlet maddy ätiýaçlyk gorlaryny dolandyrýan döwlet (ýerine ýetiriji) edaralaryň hyzmatdaşlygynyň konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek üçin esasy çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy.

Mundan başga-da, hökümet baştutanlary işgärleri wezipä bellemek baradaky kararlara gol çekildi. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary wezipesine Leonid Anfimow, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasarlary wezipesine Beketjan Jumahanow, Ilhom Nematow we Denis Trefilow bellenildiler. Şeýle-de bir ýyl möhlet bilen Wladimir Sokolin Arkalaşygyň döwletara komitetiniň başlygy hökmünde tassyklandy.

Duşuşyga türkmen tarapyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gadyrgeldi Müşşikow wekilçilik etdi.

Gyrgyz Respublikasynyň teklibi bilen, GDA-nyň hökümet ýolbaşçylarynyň geňeşiniň indiki duşuşygyny 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Bişkek şäherinde geçirmek kararyna gelindi.

Suratlar: GDA-nyň internet portaly.